Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda harby gulluga nobatdaky çagyryş yglan edildi, balyk tutmaklyk wagtlaýyn çäklendirildi, Aşgabatdan Moskwa ýörite uçar gatnawynyň senesi belli boldy we beýleki täzelikler

11:0425.03.2022
0
7114

1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow harby gulluga çagyryş hakynda Permana gol çekdi. Ýakyn üç aýda 18-27 ýaş aralygyndaky, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlary türkmen harby gullukçylarynyň hataryny doldurar.

2. Türkmenistanda Ahal we Mary welaýatynyň çägindäki ähli suw howdanlarynda we derýalarda, Garagum derýasynda we ýurdumyzyň günortasyndaky suw howdanlarynyň ählisinde 20-nji martdan 15-nji maý aralygynda balyk tutmaklyk çäklendirilýär. Şeýle hem balyk tutmaklyk Lebap welaýatynda Darganata etrabyndan başga ähli ýerde çäklendirilýär. Bu etrapda balyk tutmaklyk 16-njy aprelden 21-nji maý aralygynda çäklendiriler. Bu çäklendirmeler balyk ätiýaçlyklaryny saklap galmaklyga hem-de önümçiligini artdyrmaklyga gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde, güýmenje hökmünde balyk tutmaklyga rugsat berilýär. Emma bu ýagdaýda her bir balykçyda 3-den artyk çeňňek bolmaly däldir.

3. 25-nji martda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçary bilen Aşgabatdan Moskwa ýörite uçuş amala aşyrylar. Aşgabatda ýerli wagt bilen 06:00-da uçular. Uçar gatnawy üçin petekleriň satuwy 24-nji martda başlandy, iň arzan petegiň bahasy — 400 dollar. Ýatlatsak, beýleki ýurtlar bilen bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky yzygiderli uçar gatnawlary koronawirus pandemiýasy zerarly 2020-nji ýylyň martynda togtadyldy.

4. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary we talyplary Halkara Nowruz güni mynasybetli çärelere gatnaşmagyny dowam edýärler. Şeýlelikde, türkmen dilindäki aýdymlar hem şygyrlar, tanslar Russiýanyň üç sany ýokary okuw mekdebinde ýaňlandy, dabaralar şeýle-de Belarus döwlet uniwersitetinde guraldy. Türkmenistanyň Eýranyň Maşad şäherindäki Baş konsullygynda guralan sergide el halylary, zergärçilik bezegleri we milli tagamlar görkezildi.

5. Aşgabatdaky Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň üç okuwçysy — Baýram Abdullaýew, Orazmyrat Sähetmyradow we Emir Wellekow VII Kawkaz matematika olimpiadasynyň bürünç medallarynyň eýesi boldular. Olimpiada Russiýanyň 20 sebitinden mekdep okuwçylarynyň, şeýle hem Gazagystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan, Ermenistandan, Täjigistandan, Bolgariýadan, Serbiýadan we Mongoliýadan okuwçylaryň onlaýn görnüşde gatnaşmagynda garyşyk görnüşinde geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň