Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Kubanyň we Pakistanyň liderlerine gutlag iberdi, Hindistanyň Prezidentiniň taryhda ilkinji gezek Türkmenistana sapary, YHG-niň mejlisiniň çäklerinde daşary işler ministrleriniň gepleşikleri we beýleki täzelikler

11:0624.03.2022
0
3755

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Kuba Respublikasynyň Baştutany Migel Mario Dias-Kanel Bermudese we Pakistanyň milli baýramy — Pakistanyň güni mynasybetli Pakistan Yslam Respublikasynyň Lideri Arif Alwa gutlag iberdi.

2. Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind 1-4-nji aprel aralygynda Türkmenistana sapar bilen geler. Bu Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistana taryhda ilkinji sapary bolar. Bellenilişi ýaly, taraplar ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygynyň dürli meselelerini, şol sanda şu ýylyň ýanwarynda geçirilen Merkezi Aziýa – Hindistan sammitiniň çözgütleriniň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşarlar.

3. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler geňeşiniň 48-nji sessiýasynyň çäklerinde Pakistanyň we Gyrgyzystanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi. Meredow we Kureýşi energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy. Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge ymtylyşyny beýan etdi. Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri energetika, ykdysadyýet, söwda, oba hojalygy, syýahatçylyk we logistika ulgamyndaky taslamalara bagyşlandy. Ruslan Kazakbaýew Türkmen-gyrgyz ösüş gaznasyny döretmek işini çaltlandyrmagy we ony şu ýylda işe girizmegi teklip etdi.

4. Aşgabatda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň 70 ýaş ýubileýine bagyşlanan aýdym-saz agşamy geçirildi. Türkmenistanyň medeniýet işgärleri Magtymguly adyndaky milli sazly-rama teatrynyň sahnasyndan A.Garýagdyýewe gutlaglaryny aýtdylar. Atageldi Garýagdyýew köp sanly döwlet sylaglarynyň eýesi, 2019-njy ýylda bolsa ol GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň çäklerinde «Arkalaşygyň ýyldyzy» halkara baýragyna eýe boldy.

5. Bellator 277 ýaryşynda Döwletjan Ýagşymyradowyň garşydaşy belli boldy. Onuň garşydaşy amerikaly Toni Jonson bolar. Duşuşyk 15-nji aprele meýilleşdirildi we Koliforniýa ştatyndaky San-Hose şäherinde geçiriler. 32 ýaşly türkmen pälwanynyň hasabynda garyşyk söweşlerde 18 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 sany deňme-deňlik bar. Ýagşymyradow Russiýanyň ACB we ACA ligasynda çempion bolupdy. 38 ýaşly Toni Jonson karýerasynda 12 söweş geçirdi, üç gezek ýeňildi. Garyşyk söweşiň amerikan ligasyny esaslandyryjy Den Lambert söweşiň Döwletjanyň peýdasyna tamamlanjakdygy barada çaklamasyny aýtdy. «Bu ýigit – öz işiniň ussady. Meniň pikirimçe, Bellator-da ol heniz ukybyny doly açyp ýetişmedi. Ol ägirt uly mümkinçiliklere we güýje eýe bolan doly derejeli türgen».

6. 27-nji martda 22:00-da «Sport» türkmen teleýaýlymy göni ýaýlymda «Formula-1» Saud Arabystanynyň Gran-prisini görkezer. Möwsümiň başy örän gyzgalaňly boldy. Birinji ýaryş geçen ýekşenbe güni Bahreýnde geçirildi, eýýäm şu annada bolsa Saud Arabystanynda «Formula-1»-iň ikinji ýaryşy geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň