Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow aprel aýynda zähmet rugsadynda bolar

21:5925.03.2022
0
10526

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji aprelden zähmet rugsadyna çykmagy meýilleşdirýändigi barada hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa habar berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilşi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow köp ýyl bäri ýolbaşçy wezipede işleýändigini, 25 ýyl syýasat bilen meşgul bolandygyny, şu döwürde işiň köp bolmagy bilen bagly dynç almaga doly derejede wagtynyň bolmandygyny aýtdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy zähmet rugsady döwründe täze kitaplaryny tamamlap, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara Forumyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlar dialogyny hem-de beýleki halkara çärelerini ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görjekdigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň dynç alyş döwründe wezipe borçlaryny Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew ýerine ýetirer.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip, zähmet rugsadyna çykmak barada arza ýazmagyny we onuň kanagatlandyryljakdygyny aýtdy.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň