Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandan Russiýa guralan ýörite uçuşdan 150-den gowrak adam peýdalandy

20:3525.03.2022
0
20576

Şu gün «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň guramagynda Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçuş amala aşyryldy.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Boeing-757 uçary bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň T5707 uçuşy Moskwanyň Domodedowa howa menziline tarap 157 ýolagçyny alyp gitdi.

Nobatdaky ýörite uçuş bilen Moskwa uçýan ýolagçylaryň sanawy Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan düzüldi. Ýolagçylaryň hatarynda Russiýanyň we Türkmenistanyň raýatlary bar.

Dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli dünýäniň beýleki ýurtlary bilen birlikde, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan yzygiderli howa gatnawlarynyň 2020-nji ýylyň martynda başlap togtadylandygyny bellemek gerek.

Ýadyňyzda bolsa, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite howa gatnawlary 9-njy martda, 14-nji martda, şeýle hem 18-nji martda ýerine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň