Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna golaýdaky ýörite uçuşyň senesi belli boldy, Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlaglar we beýleki täzelikler

11:0917.03.2022
0
4281

1. Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna iň ýakyndaky ýörite uçuş 18-nji martda meýilleşdirilýär. «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyryljak uçuş 06:00-da Aşgabatdan Moskwa uçar. Uçuş üçin petekleriň satuwy «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ofislerinde 17-nji martda 09:00-dan satylyp başlanar. Iň arzan petegiň bahasy ABŞ-nyň 400 dollaryna deň bolar.

2. Birleşen Arap Emirlikleriniň liderleri — şeýh Halif ben Zaid Al Nahaýýan, Mohammed ben Raşid Al Maktum we Mohammed ben Zaid Al Naahaýýan Türkmenistanyň täze saýlanylan Prezidentiniň adyna gutlaglaryny iberdiler.

3. Gurbanguly Berdimuhamedow, Aleksandr Lukaşenko we Türkmenistanyň täze saýlanylan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljegini maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmäge taýýarlygyny mälim etdiler.

4. Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň saýtynda 2022/23-nji ýyllarda kwota boýunça Russiýada bilim almak üçin türkmen raýatlarynyň saýlawlarynyň netijeleri çap edildi. Saýlawyň birinji tapgyryndan üstünlikli geçen raýatlar 19-njy marta çenli otdel.turkmenistan@gmail.com salga lukmançylyk resminamalaryny ibermeli.

5. Türkmenistan Ýiti ýokanç kesellere garşy göreşmek we oňa garşy hereket etmek boýunça Milli meýilnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ÝUNISEF-den deksametazon serişdelerini aldy. ABŞ-nyň 413 müň dollaryna deň bolan gerdejikler we ampulalar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine gowşuryldy.

6. Android platformalaryndaky enjamlar üçin niýetlenen Onlaýn taksi mobil priloženiýasynyň täzelenen görnüşi çykdy. Indi mobil priloženiýa 19 dilde, şol sanda türkmen, rus we iňlis dillerinde hereket edýär. Taksi hyzmatyny şeýle hem 0655 gysga belgä jaň edip sargyt edip bolýar.

7. Logistika ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin Omsk welaýatyndan wekiliýet Türkmenistana geler. Gubernator Aleksandr Burkow russiýalylar üçin harytlaryň üznüksiz ibermelerini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

8. Aşgabatdaky Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary sanly ýolyşyklary we awtoduralgalar taslamasyny hödürlediler. Iň gowy taslamalar ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda we Ahal-Sitide administratiw desgalaryň gurluşygynda ornaşdyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň