Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw yglan edildi

09:5625.03.2022
0
13860

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň 2022-nji ýyldaky tapgyryna gatnaşjak döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligi yglan edýär. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşlik 2022-nji ýylyň 9-13-nji maýy aralygynda geçiriler. Okuwa diňleýjiler söhbetdeşlik esasynda kabul edilýär.

Türkmen hem-de german telekeçileriň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen meýilnamalary taýýarlan dalaşgärlere 2022-nji ýylyň dowamynda wideo aragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we Germaniýa Federatiw Respublikasynda 2 hepdelik tejribe geçmek (dünýäde dörän ýagdaý zerarly girizilen çäklendirmeler aýrylan ýagdaýynda) mümkinçiligi döredilýär. Dalaşgärler nemes, iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.

Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýän dalaşgärler 2022-nji ýylyň 4-nji maýyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar şu aşakdakylardan ybarat:

  1. Ýokary bilimli bolmaly.
  2. Telekeçi ýuridiki şahslaryň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat ş. we welaýatlar).
  3. Dalaşgäriň azyndan 2 (iki) ýyl iş tejribesi bolmaly.

Dalaşgärler ähli soraglar boýunça aşakdaky telefon belgileri boýunça habarlaşyp bilerler: (+99312) 39-43-55, (+99312) 39-45-72.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň