Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen bitaraplygy - Rumyniýadaky fotoserginiň esasy

15:5428.02.2015
0
2976

Aşgabat, 28.02.2015. “Türkmenportal”.

Rumyniýanyň Ploýeşti şäherinde Türkmenistan baradaky fotosergi açyldy. Ol Bitaraplygyň 20 ýyllygyna bagyşlandy.

Sergä hödürlenen işler Merkezi we Gündogar Ýewropanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan ýerli nebitgaz uniwersitetinde ýaýbaňlandyryldy.

Bu ýerde elde dokalan türkmen halylarynyň, däbe öwrülen saz gurallarynyň, milli zenen eşikleriniň we bezeg şaý-sepleriniň halk hünärmentçiliginiň önümleriniň görkezilmegi fotosergini has-da baýlaşdyrdy.

Serginiň açylyş dabarasyna Rumyniýanyň Energetika ministriniň Döwlet sekretary Mihaý Albulesku we türkmen diplomatik gullugynyň ýolbaşçysy Şöhrat Jumaýew gatnaşdy.

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy serginiň ilkinji myhmanlary üçin dabaraly Kabul edişlik gurady. Bu ýere gelenlere türkmen sazlaryny diňlemäge we milli tagamlaryndan datmaga mümkinçilik döredildi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň