Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan: Sport» «Formula-1»-iň Saud Arabystany Gran-prisini göni ýaýlymda görkezer

15:5723.03.2022
2
4020

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň resmi web saýty «Sport» teleýaýlymynda şu hepde «Formula-1» ýaryşynyň Saud Arabystany Gran-prisiniň görkeziljekdigini habar berdi.

26-njy martda agşam sagat 22-de ýaryşyň deslapky tapgyry başlar. Çempiony kesgitlejek ýaryş bolsa bir gün soňra ýene şol wagtda tomaşaçylara ýetiriler.

Saud Arabystany Gran-prisi «Formula-1»-iň düzümine geçen ýyl goşuldy. Bu tapgyryň ýaryşlary Jidda şäherinde geçirilýär. Geçen ýylky ýaryş «Mersedesiň» wekili Lýuis Hemiltonyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Lolololol ( 25.03.2022 )

Круто,очень надеюсь,что у нас будут транслировать каждую гонку Формулы 1.

0