Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän balyklaryň sany artýar

10:4828.02.2015
0
16573

Aşgabat, 28.02.2015. “Türkmenportal”.

Döwlet balyk hojalygy komiteti tarapyndan emeli suw howdanlaryny netijeli peýdalanmak, olarda ösdürip ýetişdirilýän balyklaryň sanyny köpeltmek babatda güýçlendirilen depgindäki işler alnyp barylýar. 2015-nji ýylda “Ahalbalyk” döwlet kärhanasyna degişli 1100 gektar meýdandaky suw howdanlarynda 840 tonna balyk ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň  suw howdanlarynyň ählisini balyk bilen doly üpjün etmek üçin şu ýylyň ýaz möwsüminde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň balyk hojalygynyň binýadynda zagara, uçar, tüňňimaňlaý ýaly ýaş balyklaryň 2 million 440 müňüsi ösdürilip ýetişdirildi. Şolardan şu günler Ahal welaýatynyň suw howdanlaryna 1,5 million balygy, welaýatlaryň köllerine 400 müň, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Hanhowuz suw howdanyna 540 müň sany balyk goýbermek boýunça işler dowam etdirilýär.

Ýurdumyzyň içerki suw howdanlaryny balyk ätiýaçlygynyň üstüni doldurmak maksady bilen, Halaç etrabynyň “Garamätnyýaz” suw howdanynda doly abatlaýyş işleri geçirildi. Häzir bu ýerde eýýäm 500 müň sany ýaş balyklar ösdürilip ýetişdirildi.

Mundan başga-da, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin şu ýyl Ahal welaýatyndaky howdan hojalyklarynda umumy meýdany 450 gektar bolan emeli suw howdanlarynda arassalaýyş-abatlaýyş işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. “Ahalbalyk” döwlet kärhanasynyň balyk ösdürip ýetişdirýän hojalyklarynyň ählisi azot we fosfor mineral dökünleriniň zerur bolan möçberi bilen öz wagtynda üpjün edilýär, ýetişdirilýän balyklar ýokumly iýmler bilen iýmitlendirilýär.

Döwlet balyk hojalygy komitetiniň ygtyýaryna gelip gowşan balyk tutujy täze gämileriň ulanmaga girizilmegi bilen, 2015-nji ýylyň iki aýynyň netijeleri boýunça balyk tutulyşy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16,6 göterim artdy. Ilaty dürli balyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, Ak bugdaý etrabyndaky balyk ösdürilip ýetişdirýän we gaýtadan işleýän iri önümçilik toplumynda balyk önümleriniň täze görnüşlerini çykarmak boýunça işler ýola goýuldy, 2015-nji ýylyň başyndan bäri iki aýyň netijeleri boýunça olaryň önümçiligi geçen ýylky bilen deňeşdirilende görnetin artdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy tarapyndan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesiniň töwereginde daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna bekre balyklaryny emeli usulda köpeldýän we balyk önümlerini öndürýän önümçilik toplumyny gurmaga bäsleşik yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň