Türkmenistanda 1-30-njy aprel aralygynda köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çäreler geçiriler

10:3228.02.2015
0
6215

Aşgabat, 28.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň ýanwar aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, 2015-nji ýylyň 1-30-njy apreli aralygynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çäreleri geçiriler.  

Apreldäki biraýlygyň çäreleriniň işlenip düzülen meýilnamasyna laýyklykda, ony “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Türkmenistanda  Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler bilen utgaşyklykda geçirmek meýilleşdirilýär.

Bir aýyň dowamynda ähli şäherlerde we obalarda, etraplarda, welaýat merkezlerinde hem-de Aşgabat şäherinde ýaşlaryň, talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň, zähmet toparlarynyň arasynda dürli sport ýaryşlary, sagdyn durmuş ýörelgeleri hem-de beýlekiler boýunça maslahatlar we wagyz çäreleri guralar. Umuman, ýaryşlaryň 55-sini geçirmek, köpçülikleýin sport-medeni çäreleriniň irileriniň 15-sini geçirmek göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda paýtagtymyzyň hem-de welaýat merkezleriniň şaýollarynda uzak aralyga ylgaw ýaryşy, “Aziada-2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny” atly halkara maslahaty, Saglyk ýoluna çykmak, Olimpiýa şäherjiginiň welosiped ýodasynda welosiped ýörüşi, Aşgabat-Derweze-Aşgabat ugry boýunça awtoýöriş we köpsanly beýleki çäreler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň