Soňky habarlar

Arhiw

«EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň iň gowy pawilýony mälim edildi

16:3522.03.2022
0
6979
«EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň iň gowy pawilýony mälim edildi
Surat: vsobolev.com

Dubaýda geçýän «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisinde ýerleşdirilen iň gowy pawilýon yglan edildi. «EXHIBITOR» žurnaly bu abraýly baha Saud Arabystanynyň milli pawilýonynyň eýe bolandygyny mälim etdi. Žurnal pawilýonyň amatly ýerleşişi, onuň dizaýny we serginiň tanyşdyryşy dogrusynda ýokary baha bermek bilen aýratyn belläp geçýär.

Mundan ozal hem Saud Arabystanynyň pawilýony iň uly interaktiw ýagtylyk düşegi, iň uzyn interaktiw suw perdesi we sanly ekranly iň uly interaktiw aýnasy ýaly aýratynlyklary bilen Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabynda üç gezek orun alypdy.

Russianemirates.com saýtynyň habar berşi ýaly, «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň bütin dowamynda Saud Arabystanynyň milli pawilýonyna dört milliondan gowrak tomaşaçy barypdyr. Olar bu ýerde patyşalygyň taryhy, şu güni we geljegi bilen giňden tanşyp bilýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň