Türkmenistanda meýletinçi talyplar bilen okuw seminary geçirildi

15:3221.03.2022
0
4942

Türkmenistanyň meýletinçiler hereketiniň wekilleri we oňa gatnaşmak isleýän talyplar üçin okuw seminarlary tapgyrlaýyn dowam etdi. Nobatdaky duşuşygy Türkmensitanyň Bilim minsitrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyeti bilelikde guradylar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary hem gatnaşdylar.

Seminarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy ýaşlaryň ekologiýa medeniýeti temasyndan çykyş etdi.

Talyplar bilen söhbetdeşlikde meýletinçiler hereketiniň agzalarynyň ara alnyp maslahatlaşylýan tema düşünmekleriniň wajyplygyna, şeýle hem ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmek boýunça ýaş meýletinçileriň başlangyçlarynyň ähmiýetine, tebigata aýawly garamak we daşky gurşaw hakynda aladany wagyz etmek işinde olaryň tutýan ornuna üns çekildi.

Meýletinçiler üçin okuw seminarlarynyň guramaçylarynyň bellemegine görä, ýaşlar hemişe kömege gaýymdyrlar, olar meýletinçilik işine gyzyklanýarlar we köplenç maksatlaýyn täze başlangyçlary öňe sürýärler.

Meýletinçiler üçin okuw seminarlary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin yzygiderli geçirilýän çäreler bolup, ýurtda meýletinçiler işiniň giň ugruny öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň