Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasynda bolar

02:4328.02.2015
0
3404

Aşgabat, 28.02.2015. “Türkmenportal”.

3-4-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapary bolar.

Nobatdaky  ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleri netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Gepleşikleriň jemleri boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da berkitjek ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Saparyň maksatnamasynda milli Liderimiziň Stambula baryp görmegi göz öňünde tutulýar. Şol ýerde Türkmenistanyň Halkara maýa goýum maslahaty geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň