Soňky habarlar

Arhiw

Dubaýda Geljegiň muzeýi açyldy

15:3719.03.2022
0
4920
Dubaýda Geljegiň muzeýi açyldy
Surat: russianemirates.com

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde täsin görnüşe eýe bolan Geljegiň muzeýi açyldy. 7 gatdan ybarat bina içerki diregsiz bolup, onuň poslamaýan metaldan döredilen daşky bölegi arap kalligrafiýasy bilen bezeldi.

«Euronews» habarlar gullugynyň bellemegine görä, Dubaýyň bu muzeýi umumadamzat gymmatlyklary bilen bagly meseleleriň çözgüdini tapmak üçin dünýäniň görnükli alymlaryny özünde jemlejek ýere öwrüler.

Geljegiň muzeýiniň gaýtalanmajak we beýleki muzeýlerden has tapawutly ýeri ondaky eksponatlaryň özboluşly häsiýete eýe bolmagydyr. «Dubai Future» gaznasynyň ýolbaşçysy muzeýde geljegi, has takygy adamzadyň ýakyn geljekde gazanjak özgertmelerini görüp bolýandygyny belleýär.

Muzeýiň ýedi gatynyň hersi aýratyn bir tematika, şol sanda kosmosyň öwrenilmegine, ekoulgamlara, bioinženerçilige we saglygy goraýyşa degişlidir. Bu ýerde şeýle-de robototehnika we emeli aň ulgamlaryna aýratyn ähmiýet berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň