“Türkmenistan — Orta Aziýanyň parlak ýyldyzy”

22:5027.02.2015
0
3167

Aşgabat, 27.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkiýede neşir edilýän “Turcomoney” halkara maliýe-ykdysady žurnaly şeýle sözbaşy bilen biziň ýurdumyza bagyşlanan uly bir bölümi okyjylara hödürledi.

Onuň giriş bölegindäki habarda Türkmenistanyň häzirki döwründen söhbet açylýar. Soňky ýyllarda ähli pudaklarda ýokary makroykdysady görkezijileri bilen häsiýetlendirilýän türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine bagyşlanyp hem ýörite makala ýerleşdirilipdir.

Neşiriň sahypalarynda daşary ýurtly myhmanlar şol sanda Türkiýäniň resmi wekilleri, işewürleri, ilçiler Türkmenistan, halkara hyzmatdaşlygynyň gelejegi baradaky pikir-garaýyşlaryny beýan edýärler.

Neşirde bellenilip geçilişi ýaly, Türkiýe Respublikasynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berilýär.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň