Soňky habarlar

Arhiw

Berdiýewiň «Kaýraty» Gazagystanyň çempionatynda «Taraz» bilen deňme-deň oýnady

23:5217.03.2022
0
3009

Gazagystanyň futbol çempionatynyň 3-nji tapgyrynda «Kaýrat» «Taraz» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.

Duşuşykda «Kaýratyň» pökgüsini 59-njy minutda hüjümçi Hose Kante geçirdi.

Topar üç duşuşykda toplan 7 utugy bilen ýaryş tertibiniň başynda barýar. Duşuşykdan soň geçirilen metbugat maslahatynda baş tälimçi Gurban Berdiýew duşuşygyň ýeňil bolmanlygyny, Guljigit Alykulowy başga ýerde oýnatmaly bolandygyny aýtdy.

Türkmenistanly tälimçiniň şägirtleri 4-nji tapgyrda «Akjaýyk» bilen duşuşar. Bu duşuşyk 4-nji aprelde bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň