Ysraýylyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen gutlady

12:1118.03.2022
0
5178

Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersog Serdar Berdimuhamedowy döwlet Baştutany wezipesine saýlanmagy, şeýle hem ýetip gelýän Nowruz baýramy mynasybetli bilen gutlady. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen gutlag hatynda şeýle setirler bar:

«Sizi Ysraýyl Döwletiniň adyndan saýlawlarda gazanan ýeňşiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde üstünlikleri arzuw edýärin.

Biz Türkmenistanyň milli bähbitlerine laýyk gelýän, umumy gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde bilelikdäki işleri mundan beýläk-de dowam etdirjekdigimize ynanýarys.

Şeýle hem ýetip gelýän Nowruz baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan edip, halkyňyza bereketli hasyly, bol suwly derýalary we tebigatyň eçilýän beýleki köp sanly peşgeşlerini arzuw edýärin. Täze başlangyçlaryň nyşany bolan baharyň bu ajaýyp baýramyny bellemek iki halkyň hem däp-dessurlarynyň aýrylmaz bölegidir.

Soňky ýyllarda adamzat jemgyýetiň we umumylygyň ähmiýetli gymmatyna göz ýetirdi. Bilelikdäki gatnaşyklarymyzyň halklarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Parahatçylygy, abadançylygy we dostlugy pugtalandyrmakda, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde bilelikde amala aşyryljak işlere sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn».

Şu ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijesinde saýlawçylardan 72,97 göterim ses alyp, Prezident wezipesine saýlanan Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň