Soňky habarlar

Arhiw

Palestinanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy gutlady

11:0817.03.2022
0
5315

2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijesinde, bu wezipä hödürlenen 9 dalaşgäriň içinden saýlawçylardan 72,97 göterim ses alyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan Serdar Berdimuhamedowyň adyna dünýäniň birnäçe ýurdundan gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Şeýle gutlag hatlarynyň biri hem Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasdan geldi. Gutlag «Türkmenistan» gazetinde çap edildi. Onda şeýle setirler bar:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Palestina Döwletiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we türkmen halkyny Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Beýik Biribardan biziň doganymyz, Onuň Alyhezreti Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň gerimli başlangyçlaryny dowam etdirmek işinde üstünlikleri, Siziň we türkmen halkynyň belent maksatlara ýetmegini dileýäris.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza ýokary baha bermek bilen, ýurtlarymyzyň doganlyk halklarynyň bähbidine Siziň Alyhezretiňiz bilen bilelikde bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýäris.
Mahmud Abbas,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň