Soňky habarlar

Arhiw

Edebi radionyň döredilmegi mümkin

00:2227.02.2015
0
3583

Aşgabat, 27.02.2015. “Türkmenportal”.

Russiýada edebi radionyň döredilmegi mümkin. Ýurtda ilkinji edebi radionyň döredilmegine şahsy maýadarlar serişde goýbermekçi bolýarlar. Bu barada “novostiliteratury.ru” habar berýär.

Oňat hilli intellektual radioýaýlym arzuwyndaky adamlara gysgajyk edebi parçalary hödürlemek stansiýanyň esasy wezipesi bolar.

Russiýa Federasiýasyndaky ilkinji edebi radionyň saýlantgylarynyň arasyna rus we daşary ýurt edebiýatynyň eserleri giriziler. Taslamany amala aşyrmagyň anyk möhletleri aýdylmaýar. Ýöne radiostansiýa 2015-nji ýylyň — Russiýada edebiýat ýylynyň ahyrlaryna çenli işe giriziler diýen çaklamalar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň