Soňky habarlar

Arhiw

“Istiklol” - “Erbil” - 1:3: topar ýeňildi, janköýerler bolsa utuşda galdylar

18:3226.02.2015
0
3770

Aşgabat, 26.02.2015. “Türkmenportal”.

Ozal habar berlişi ýaly, Täjigistanyň çempiony “Istiklol” AFK-nyň Kubogy — 2015-iň toparça böleginde öz meýdanynda Yragyň “Erbilinden” asgyn geldi (1:3). Duşuşyk tamamlanansoň, janköýerleriň arasynda giriş petekleri boýunça lotoreýa oýnaldy.

Täjigistanyň mugallymçylyk institutynyň talyby Siroj Olimow telewizor utdy. Öý kinoteatry bolsa häzirki wagtda hiç ýerde işlemeýän Dilşod Mirzoýewe nesip etdi.

Esasy baýragy — “Toýota-Kemri” awtoulagyny bolsa Weseýsk etrabynyň ýaşaýjysy, Duşenbäniň 30-njy tehniki liseýinde okaýan 20 ýaşly Fazliddin Goziýew utdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň