«Türkmenatlary» döwlet birleşiginde V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça ýörite topar döredildi

14:5426.02.2015
0
3445

Aşgabat, 26.02.2015. “Türkmenportal”.

«Türkmenatlary» döwlet birleşiginden habar berişleri ýaly, V Aziýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça birleşigiň hünärmenlerinden ybarat ýörite topar döredilip, olar ýaşlara çapyksuwarlyk hem-de konkur boýunça tälim berýärler.

Okuw merkezinde hem Ýapyk manežde çapyksuwarlyk hem-de konkur boýunça türgenleri taýýarlaýan okuwlara badalga berildi.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna wekilçilik edýän ýaşlaryň 40­dan gowragyna Okuw merkezinde çapyksuwarlyk hem-de konkur boýunça bilim we tälim berilýär. 

Atly sport boýunça hünärmen «Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň bölüm müdiri Güýçmyrat Baýmyradow ýaşlaryň çapyksuwarlyk boýunça 3 aý, çapyksuwar- türgen hünäri boýunça 6 aý okaýandyklaryny, şondan soňra olara degişli sertifikat berilýändigini aýtdy.

2014-nji ýylyň 28­nji noýabrynda Aziýa oýunlary-2017-ä taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi hem-de Okeaniýa ýurtlarynyň milli Olimpiýa komitetleriniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna atly sportuň konkur görnüşini hem türkmen milli göreşini goşmak teklip edilipdi.

 Soňlugy bilen şol teklip  Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň mejlisinde doly goldaw tapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň