Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýagyşly howa bolar

09:0015.03.2022
0
4984

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 15-nji martda Aşgabatda hem-de welaýatlarda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +6... +8° maýyl bolar. Howanyň basyşy 744 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +6°, gündizine +8... +13°, kenarýaka etraplarda +4... +9° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 753 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Awazada: howa +6... +8°, basyşy 761 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Balkanabat şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 769 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +7... +12° maýyl bolar.

Änew şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 741 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Tejen şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 745 mm, çyglylygy 70 — 90%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +9°, gündizine +9... +14° maýyl bolar.

Mary şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 743 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Baýramaly şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 741 mm, çyglylygy 70 — 90%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +9... +14° maýyl bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 747 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Kerki şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 741 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +5... +10° maýyl bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 763 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Köneürgenç şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 762 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň