Arhiw

Sobýanin Moskwada agyz-burun örtügini dakynmak düzgünini ýatyrdy

10:4115.03.2022
0
5146

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde şu ýylyň 15-nji martyndan agyz-burun örtüklerini dakynmak düzgüni ýatyryldy. Bu baradaky karara şäheriň häkimi Sergeý Sobýanin gol çekdi.

Gol çekilen resminama laýyklykda, agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni ýapyk ýerlerde we ulaglarda hem ýatyrylýar. Sergeý Sobýaniniň habar bermegine görä, kabul edilen karar şäherdäki epidemiologik ýagdaýyň yzygiderli gowşamagy bilen baglanyşyklydyr.

«Epidemiýa ýagdaýynyň gowşamagy bilen, 15-nji martdan agyz-burun örtüklerini dakynmak düzgüni aýyrýarys. Mundan başga-da Moskwa şäher häkimligi tarapyndan edara-kärhanalarda we guramalarda girizilen hökmany pandemiýa bilen baglanyşykly öňüni alyş çäreleri aýrylýar: işgärleriň wagtly-wagtyna beden gyzgynlygyny ölçemek, iş ýerlerinde bellenilen araçägi saklamak üçin döredilen guramalary hem aýyrýarys» — diýlip, şäher häkiminiň jemgyýetçilik torunda maglumat berilýär.
Belläp geçsek, Moskwada agyz-burun örtüklerini dakynmak düzgüni 2020-nji ýylyň ýazynda girizilipdi. Bu bolsa dünýäde ýüze çykan koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen baglanyşyklydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň