Türkmen konserni owgan kompaniýasy bilen goňşy döwlete ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak boýunça taslamany amala aşyrar

08:3013.03.2022
0
1335

Türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan» elektrik geçirijisiniň taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konsernine Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän Nur-el-Jahad elektrik bekedinde açyk paýlaýjy desgalaryň taslama, üpjünçilik, gurluşyk-gurnama, synag we işe girizmek işlerini ýerine ýetirmek barada Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy bilen degişli şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň