Soňky habarlar

Arhiw

Täze kitaplar okyjylara ýetirildi

00:4426.02.2015
0
20155

Aşgabat, 26.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan edebi-çeper kitaplaryň birbada birnäçesi okyjylara ýetirildi.

Olardan biri edebi mirasymyzyň ajaýyp eserleriniň biri bolan Feridetdin Attaryň «Weliler hakda rowaýatlar» eseridir. Bu kitapda halkyň arasynda meşhur şahslar Abu Sagyt Abul Haýyr (Mäne baba), Aby Fazul Hasan Sarahsy, Abu Bekir Şibli, Ybraýym Edhem ýaly welileriň syrly dünýäsinden söhbet açylýar.

Täze çapdan çykan kitaplaryň arasynda türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Durdy Haldurdynyň goşgulary hem-de poemalary ýerleşdirilen kitaby durşuna watançylyk duýgularyna beslenendir. Bu kitapda şahyryň okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan «Dostumyň ýadygärligine» atly goşgusy hem bar.

Ýazyjy Goçy Annasähedowyň «Synag ýoly» ady bilen çapdan çykan hekaýalar, ertekiler ýygyndysyndaky eserlerde Watana, ene-ata, mukaddes ojaga, söýgä wepalylyk wasp edilýär.

Zehinli kyssaçylarymyzyň ýene biri Serdar Ataýewiň täze kitaby «Ýaşaýyş yşky» diýlip atlandyrylypdyr. Kitaba ýazyjynyň Horezm şazadasy Jelaletdiniň ata Watany, ene topragy goraýşy hakda taryhy, şeýle-de durmuşy hem-de pelsepewi eserleri girizilipdir.

Şeýle eserleriň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň kämil ynsanlar bolup ýetişmeklerinde mynasyp orny bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň