Türkmenistanyň “Ahalynyň” garşydaşlary “C” toparçasynda ilkinji bolup ýaryşa başladylar

23:1425.02.2015
0
3951

Aşgabat, 25.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň “Ahalynyň” AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşynyň toparça bölegindäki garşydaşlary — Täjigistanyň “Istikloly” bilen Yragyň “Erbil” Duşenbäniň Merkezi stadionynda “C” toparçasynda ilkinji duşuşygy geçirdiler.

“Aziýa—plýus” habarlar agentliginiň habar bermegine görä, 35-nji minutda Ahmed Muhammed Husseýn, myhmanlary öňe çykardy 60-njy minutda ýer eýeleri hasaby deňlediler. Fathullo Fathulloýewiň depen pökgüsi goragçylaryň biriniň aýagyna degip, ugruny üýtgetdi-de derwezä girdi.

Täjik futbolçylary uzak begenmediler. Aradan bäş minut geçip-geçmän Nabil Sabah “Erbili” öňe çykardy. 75-nji minutda bolsa Luaýa Salah hasaby has berkitdi.

90-njy minutda ýer eýelerine ýene bir pökgi geçirmäge mümkinçilik döredi. Ýöne Manuçehra Jalilow 11 metrlik urgyny dürs ýerine ýetirip bilmedi. Netijede AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň geçen ýylky finalçysy, Yragyň dört gezek çempiony “Erbil” 1:3 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ikinji tapgyrda “Istiklal” 11-nji martda Aşgabatda “Ahal” bilen duşuşar. “Erbil” bolsa şol gün bitarap meýdançada — Kataryň paýtagtynda “Al-Kadsiýany” kabul eder.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň