Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Prezident saýlawlarynda 100 müňe golaý adam ilkinji gezek ses berer

12:0011.03.2022
0
7225

2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlarynda 18 ýaşyny dolduryp, saýlaw uçastoklarynda ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylaryň ýurt boýunça jemi 98.940-dan gowragy hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparynyň resmi web saýtynda habar berilýär.

Ýurduň geljegi bolan ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özleriniň ilkinji syýasy ädimlerini ädip, ýagny seslerini berip, döwleti dolandyrmaga gatnaşarlar.

Saýlaw uçastoklarynda ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylara höweslendiriji sowgatlar gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň