Soňky habarlar

Arhiw

Saýlawçylaryň 7 göterimi möhletinden öň ses berdiler

12:2211.03.2022
0
4777

Saýlawçylaryň 7 göterimi Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda dürli sebäplere görä wagtyndan ozal ses berdiler. Bu barada şu gün «Türkmenistan» gazeti habar berdi. Olaryň dolduran býulletenleri ýörite möhürlenen gutularda sesleri sanamak pursadyna çenli saklanar.

Neşiriň ýazyşy ýaly, saýlaw möwsüminde giň gerimli işler amala aşyrylyp, bu işe ähli derejedäki döwlet düzümleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri girişdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleri ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda alnyp baryldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklary ýörite usulyýet gollanmalary, ses bermek üçin ýörite gutular, göçme saýlaw býulletenleri we usulyýet gönükdirijiler bilen üpjün edilip, olar saýlawlary geçirmäge doly taýýardyrlar. Ses bermek üçin otaglarda ýörite kabinalar gurnaldy. Her bir saýlaw uçastogy ygtybarly aragatnaşyk we ulag serişdeleri bilen üpjün edildi.

Uçastok saýlaw toparlary öz wezipelerini ýerine ýetirmäge aýratyn jogapkärçilikli çemeleşdiler. Olaryň düzümine zähmetkeşler toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň abraýly wekilleri girdiler. Işjeňleriň tagallalary bilen ilat arasynda giňden wagyz-düşündiriş işleri geçirildi. Munuň özi saýlawçylaryň işjeňligini has-da artdyrdy. Mundan başga-da, käbir sebäplere görä, saýlawlar güni öz saýlaw uçastogyna gelip bilmeýän raýatlara möhletinden öň ses bermek hukugy berildi.

Uçastok toparlarynyň işinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň ynanylan wekilleri bilen işleri geçirmäge, şol sanda saýlawçylar bilen duşuşyklary guramakda we geçirmekde ýardam bermäge aýratyn orun berildi. Döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärleriň duşuşyklarynyň ählisi taraplaryň arasynda ylalaşylan we bellenilen tertibe laýyklykda geçirildi. Şunda dalaşgärleriň ählisine saýlawlaryň öň ýanynda wagyz işlerini geçirmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi.

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýändigini bellemek gerek. Ozal habar berlişi ýaly, saýlawlara daşary ýurtlardan we birnäçe halkara guramalardan, şol sanda GDA-dan, ŞHG-den, ÝHHG-den we Türki Döwletleriň Guramasyndan synçylar çagyryldy. Olara saýlawlaryň barşyna syn etmek üçin mümkinçilikler döredildi.

Şeýlelikde, 11-nji martda, ýarygije, hereket edýän saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möwsümiň iň möhüm tapgyrlarynyň biri — wagyz ediş tapgyry tamamlanar. 12-nji martda, şenbe güni bolsa sagat 07:00-dan 19:00-a çenli ähli saýlaw uçastoklarynda ses berler we onuň dowamynda türkmen döwletiniň Baştutany saýlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň