Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 23-nji martda gowaça ekişine girişiler

22:0910.03.2022
0
4015

Şu ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanda pagta ekişine badalga berler. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu gün geçirilen bilelikdäki mejlisiniň barşynda aýtdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şol gün gowaça ekişi ýurduň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda, Daşoguz welaýatynda bolsa 30-njy martda başlanar.

Bu möhüm möwsümiň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi wajypdyr. Türkmen lideri edermen kärendeçileriň şu ýylky gowaça ekişini üstünlikli amala aşyrjakdyklaryna we uly zähmet ýeňşini gazanjakdyklaryna ynam bildirip, bu oba hojalyk möwsümine ak pata berdi. Şeýle-de döwlet baştutany hormatly ýaşululara milli ýörelgelere laýyklykda, sebitlerde pagta ekişini başlap bermäge haýyş bilen ýüzlenip, batyrgaý pagtaçylara we ähli oba hojalyk işgärlerine saglyk, maşgala abadançylygy arzuw etdi.

Geçen, 2021-nji ýylda Türkmenistanda Watan harmanyna 1 million 250 müň tonna pagta tabşyrylyp, şertnamalaýyn-borçnama üstünlikli ýerine ýetirildi.

Şu ýyl Türkmenistanda 580 müň gektara pagta ekmek meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň