Soňky habarlar

Arhiw

XXI asyryň telewideniýesi

12:0925.02.2015
0
6534

Aşgabat, 25.02.2015. “Türkmenportal”.

Soňky ýyllarda bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem telewideniýe diňe bir has meşhur bolman, eýsem, barha kämilleşýär. Soňky döwürde aýratyn meşhurlyga eýe bolan kabel telewideniýesi muňa aýdyň mysaldyr.

Kabel telewideniýesi Ýewropada we ABŞ-da 1980-nji ýyllarda işjeň ýagdaýda ösüp başlady. Russiýada bolsa kabel ulgamy 1980-nji ýyllaryň ahyrynda, 1990-njy ýyllaryň başynda peýda bolup başlady.

Kabel telewideniýesiniň, aýratyn-da, iri şäherlerde “çanaklara” garanyňda uly artykmaçlygy bardyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerinde we gapdal ýanlarynda oturdylýan köp sanly telewizion antennalary şäherleriň binagärlik keşbine zeper ýetirýär. Kabel telewideniýesine geçilmegi bu meseläni çözmäge ýardam eder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň