«Nebitçi» futbol topary täze oýunçylaryň 4-si bilen şertnama baglaşdy

20:0010.03.2022
0
4615

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» futbol topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň öňüsyrasy täze oýunçylaryň 4-si bilen şertnama baglaşdy. Bu barada TFF-niň resmi web saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Balkanabat şäheriniň topary «Aşgabat» toparynyň ýarymgoragçysy Azady Annadurdyýewi düzümine goşdy. Şeýle-de, geçen möwsüm «Şagadamyň» düzüminde çykyş eden Röwşen Begjanow, Arslan Ýollyýew, Begenç Gylyçnyýazow dagy hem täze möwsümde «Nebitçiniň» düzüminde çykyş ederler.

Belläp geçsek, «Nebitçi» futbol topary ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine geçirdi.

Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» toparynyň Türkmenistanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde geçiren 14 duşuşygynda 13 utuk toplap, 7-nji orny eýeländigini hem bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň