«WhatsApp-da» pikir soraşma geçirmek aýratynlygy ýüze çykaryldy

13:2410.03.2022
1
3749
«WhatsApp-da» pikir soraşma geçirmek aýratynlygy ýüze çykaryldy
Surat: Shutterstock/FOTODOM

«WhatsApp» messenjeri täze funksiýasyny — toparlaýyn çatlarda pikir soraşma geçirmek aýratynlygyny barlagdan geçirip başlady.

Mir24 saýtynyň WABetaInfo salgylanyp habar bermegine görä, bu täzelik bilermenler tarapyndan messenjeriň iOS üçin niýetlenen Beta görnüşinde ýüze çykarylypdyr. Onuň esasynda bolsa ulanyjylar islendik bir sowaly orta atyp, çatda berilýän jogaplar arkaly pikir soraşma geçirip biler. Ýagny, degişli sowalyň jogaplary çatda aýratynlykda görkezilýär. Häzirlikçe sowala näçe sany jogap bermek mümkinçiliginiň bardygy hem-de sowalyň näçe belgiden ybarat bolmalydygy kesgitli däldir.

Belläp geçsek, bu aýratynlyk messenjeriň Android üçin niýetlenen Beta görnüşinde ýüze çykmaýar. Bu babatda bolsa, bilermenler messenjeriň operasion ulgamlara dürli wagtda maglumat girizýändigini belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň