Türkmenistanda Zenan futbolynyň güni bellenildi

14:2610.03.2022
0
4946

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guramagynda paýtagtymyzda “AFC Women’s day 2022” futbol festiwaly geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi.

Aşgabatda guralan futbol festiwalynyň esasy maksady ýurdumyzda zenan futboluny ösdürmekden hem-de ýaşajyk gyzjagazlary futbol bilen meşgullanmaga itergi bermekden ybarat boldy.

Sport baýramçylygynda futbol hem-de futzal boýunça ýygyndy toparlarymyzyň oýunçylary, ýaşajyk futbolçylar hem-de Türkmenistanyň Ýörite Olimpiada Milli Merkeziniň türgenleri gatnaşdylar.

Futbol festiwalynyň dowamynda ýörite bäsleşikler guralyp, gyzjagazlar dürli ugurda öz başarnyklaryny görkezdiler. Sport baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirendiklerini aýratyn bellemek gerek.

Futbol festiwalynyň soňunda TFF-niň taýýarlan ýörite sowgatlary, futbol toplary gatnaşyjylara dabara bilen gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň