Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howa bolar

09:0010.03.2022
0
3320

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 10-njy martda Aşgabatda hem-de welaýatlarda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +10... +12°, gündizine +23... +25° maýyl bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +13°, gündizine +17... +22°, kenarýaka etraplarynda +9... +14° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 746 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Awazada: howa +11... +13°, basyşy 754 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Balkanabat şäherinde: howa +19... +21°, basyşy 752 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda welaýatyň dag etek etraplarynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +13°, gündizine +23... +28° maýyl bolar.

Änew şäherinde: howa +24... +26°, basyşy 735 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Tejen şäherinde: howa +26... +28°, basyşy 740 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +13°, gündizine +23... +28° maýyl bolar.

Mary şäherinde: howa +26... +28°, basyşy 737 mm, çyglylygy 30 — 50%.

Baýramaly şäherinde: howa +25... +27°, basyşy 736 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +12°, gündizine +18... +23° maýyl bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +20... +22°, basyşy 739 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Kerki şäherinde: howa +21... +23°, basyşy 734 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +14... +19° maýyl bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +16... +18°, basyşy 750 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Köneürgenç şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 751 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň