Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

10:4508.03.2022
0
4927

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow her ýylyň 8-nji martynda uludan bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen ýurduň gelin-gyzlaryna gutlag hatyny iberdi. Baýramçylyk gutlagy milli metbugatda çap edildi.

Gutlagda şeýle setirler bar:

Eziz eneler!

Mähriban gelin-gyzlar!

Sizi bahar paslynyň älem-jahany joşduryp, Zemine bereket, göwünlere şatlyk, mähir-söýgi, ylham paýlaýan nurana günlerinde dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu ajaýyp bahar baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň, bäsleşiklerdir sergileriň eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, bagtyýar döwrümize buýsanjy, Garaşsyz Watanymyza söýgini has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygydyr. Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde, aýratyn hem täze zamanamyzda iň asylly häsiýetleri özlerinde jemlän we maşgala mukaddesliklerimizi gorap saklaýan gelin-gyzlarymyz akyl-paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda hem-de watansöýüjilikde milli buýsanjymyzdyr.

Halkymyzyň kalbynyň owazyna öwrülen dessanlar, altyna gaplaýmaly nakyllardyr atalar sözleri, hüwdülerdir monjugatdylar, ajaýyp toý aýdymlary, milli şaý-sepler Watana, il-güne, peder ojagyna wepaly, lebzihalal, zähmetsöýer, belent ahlakly zenanlarymyzyň abraý-mertebesiniň elmydama belentde tutulyp gelýändigine şaýatlyk edýär. Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli däplerimizden ugur alyp, mähek daşyna deňelýän gelin-gyzlarymyzyň, durmuş mekdebine öwrülen mähriban enelerimiziň mertebesi hemişe ýokarydyr.

Ata Watanymyza söýgini, şöhratly geçmişimize buýsanjy, şu günümize guwanjy, geljegimize ynamy döredýän medeni mirasymyzy — maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, dost-doganlygy dabaralandyrýan belent ynsanperwerlik däplerimizi mynasyp dowam etdirmek bilen, gelin-gyzlarymyz bu gün ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik işlerinde yhlasly zähmet çekýärler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň bähbidine tutumly işleri amala aşyrýarlar.

Giň gerimli özgertmelerimizi, milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, zähmetde we jemgyýetçilik durmuşynda gazanan üstünliklerini, Garaşsyz Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge goşan asylly goşantlaryny nazara alyp, biz zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, medeniýet işgärleri, telekeçiler we alymlar bolan zenanlarymyzy «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglaýarys. Halkara zenanlar güni mynasybetli bolsa köp çagaly enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly ady dakýarys. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň tutuş halkymyzyň, aýratyn hem mähriban enelerimiziňdir gelin-gyzlarymyzyň kalbyny joşguna besleýän bu çäreler agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyryp, Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar.

Hormatly zenanlar!

Biz mähriban enelerimiziň we zenanlarymyzyň ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, nesilden-nesle geçip, sungat derejesine ýetirilen milli mirasymyzy gorap saklamak, wagyz etmek we geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda bitirýän hyzmatlaryna çäksiz buýsanýarys.

Biziň yglan eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gelin-gyzlarymyzyň bilim almagy, hünär öwrenmegi, işlemegi, ylym bilen meşgullanmagy, asuda, abadan, eşretli durmuşda ýaşamagy, mukaddes Watanymyzda bilimli nesilleri ösdürip ýetişdirmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli hukuklar hem-de goldawlar berilýär we mümkinçilikler döredilýär.

Zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere deňhukukly gatnaşmagyna ýardam berýän işjeň gender syýasatyny ýöretmek, kanuny hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek, maşgalany we eneligi goldamak babatda ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Biz bu ugurda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarydyr düzümleri bilen oňyn gatnaşyklary işjeň ösdürýäris we geljekde hem ösdüreris.

Mähriban eneler!

Hormatly gelin-gyzlar!

Sizi Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz Watanymyzda güler ýüzli mähriban enelerimiziň, kalby derýa kimin joşgunly gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesi hemişe belent bolsun!

Size berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň