GDA-nyň synçylar topary Ahal welaýatyndaky saýlaw uçastoklaryna baryp gördüler

15:0408.03.2022
0
5906

Türkmensitanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşjak GDA-nyň synçylar topary Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky saýlaw uçastoklaryna aýlanyp gördi. Bu ýerde toparyň agzalary saýlaw uçastoklarynyň işi bilen tanyşdylar, uçastoklaryň agzalary bilen söhbetdeş boldular, möhletinden ozal ses berişligiň gidişine we esasy saýlaw gününe taýýarlyga baha berdiler. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň web sahypasy habar berýär.

Saýlaw toparlaryny agzalary bilen aragatnaşykda bolan halkara synçylar toparynyň ýolbaşçysy Leonid Anfimow şaýat bolanlary barada:

“Şu gün Ahal welaýatynyň birnäçe saýlaw uçastogyna baryp görenimde, Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlary bilen bagly köp iş edilendigini kanagatlanma bilen aýdyp bilerin. Esasy ses berişlik gününiň ýokary guramaçylyk derejesinde we saýlawçylaryň ýokary raýat jogapkärçiliginde geçiriljekdigine ynanýaryn» diýdi.

Anfimowyň sözlerine görä, 9-njy martda gysga möhletli synçylar ― GDA agza döwletleriň Merkezi saýlaw toparlarynyň başlyklary we agzalary, Federasiýa Geňeşiniň senatorlary, Russiýanyň Döwlet Dumasynyň we Daşary işler ministrliginiň wekilleri Türkmenistana geler. Russiýanyň Gysga möhletli synçylaryň dessine alnyp barylýan işlere gözegçilik edip başlamagyna garaşylýar.

Toparyň başlygy, dünýädäki epidemiologiki we geosyýasy ýagdaýyň kynlygyna garamazdan, Türkmenistanyň häkimiýetleriniň ýurda synçylaryň iberilmegini guramak üçin bir pursat tapandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň