«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi web saýtyny täzeden düzdi. Saýt has döwrebap görnüşde bezelip, onda ulanyjylar üçin ähli ýeňillikler döredildi.
Ýolagçylar saýtyň üsti bilen uçarlaryň wagt tertibini görüp, biletleri nyrhlaryny barlap, elektron bilet satyn alyp bilerler. Saýt, geljekki seneler üçin uçuşlary gözlemek bilen howa biletlerini satyn almak mümkinçiligini hödürleýär.
Şeýle hem, saýtda ýolagçylaryň hukuklary, resminamalary gaýtadan işlemegiň we goşlary daşamagyň düzgünleri barada peýdaly maglumatlary berilýär.
2021-nji ýylda «Türkmenistan» awiakompaniýasy iOS we Android operasiýa ulgamlary üçin öz mobil programmasyny işe girizendigini bellemek gerek. Raýatlar programmany «App Store» we «Play Marketden» özleriniň ykjam telefonlaryna ýükläp alyp bilerler.