Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň ikisi Mary welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşyk geçirdiler

23:3806.03.2022
0
3263

Şu gün Mary welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň gündogar sebitinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygy Kärdeşler arkalaşyklarynyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy J.Mämmedowa açyp, dalaşgäriň ynanylan wekili — Türkmenabat şäherindäki 28-nji orta mekdebiň direktory Ý.Ýagmyrowa söz berildi. Ol bu ýere ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy we ony abraýly hem-de oňyn başlangyçlary öňe sürýän, ýokary guramaçylyk tejribesi bolan ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Duşuşygyň dowamynda dalaşgäriň özüne söz berildi. Ol ýygnananlary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy.

P.Begenjow maksatnamasynyň esasy ugurlary barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, ýurtda ýaýbaňlandyrylan we halkyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini belledi. Ýaş nesilleriň bilimli bolmagyna we watançylyk ruhunda terbiýelenmegine möhüm üns berler.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, döredijiligiň hem-de ösüşiň, demokratik binýatlary berkitmegiň, halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryny dikeltmegiň ýoly bilen ynamly öňe gider diýip, P.Begenjow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna möhüm orun degişlidir. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, telekeçilige goldaw bermek, öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak boýunça zerur şertleri döretmek, ýurdumyzyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini yzygiderli durmuşa geçirmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

P.Begenjow saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary, hususan-da, ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak, durmuş ulgamynyň işini kämilleşdirmek, medeniýet, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlarynda özgertmeleri durmuşa geçirmek, köpçülikleýin sporty, şeýle hem hususy telekeçiligi ösdürmek bilen baglanyşykly ugurlary barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda dalaşgär Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, ata Watanymyza wepaly gulluk etjekdigine, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak ugrunda tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
***
Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde iň ýokary döwlet wezipesine Mary welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky ilkinji guramalarynyň Geňeşiniň başlygy B.Myradow duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Döwlet energetika institutynyň energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji D.Agajanowa söz berdi. Ol dalaşgär K.Saryýewi başlangyçlar bilen çykyş edýän guramaçylyk ukyby bolan, öňde goýlan wezipeleriň çözgüdine jogapkärli çemeleşýän işewür ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirip, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň hormata mynasyp şahsy häsiýetlerini nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär K.Saryýew saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen çykyş edip, Garaşsyzlygyň 30 ýylynda ýurdumyzyň syýasatda, ylymda, bilimde, medeniýetde, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ynamly gadam goýýandygyny nygtady.

Dalaşgäriň belleýşi ýaly, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň mümkinçiliklerini we önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, önümçilige sanly tehnologiýalary, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny we dünýäniň oňyn tejribesini ornaşdyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamanyň esasy ugurlary bolup durýar.

Duşuşygyň dowamynda K.Saryýew saýlawçylaryň önümçilik düzümleriniň senagatlaşdyrylmagy, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» hem-de beýleki özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly sowallaryna jogap berdi.

Duşuşygyň ahyrynda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär ýurduň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, ata Watanymyzyň belent sepgitlere ýetmegi üçin ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň