Iň gymmat aziýaly futbolçylar

12:4107.03.2022
0
13557

«Tottenhem Hotspuryň» koreýaly hüjümçisi Son Hyn Min «Transfermarkt» tarapyndan düzülen iň gymmat aziýaly futbolçylaryň sanawynyň başyny çekýär.

Hüjümçiniň transfer bahasy 80 million ýewro ýetýär. Ilkinji üçlükde her biri 25 million baha kesýän «Baýeriň» eýranly hüjümçisi Serdar Azmun bilen «Arsenalyň» ýaponiýaly goragçysy Takehiro Tomiýasu bar.

«Romanyň» özbegistanly hüjümçisi Eldor Şomurodow 12 million ýewrolyk bahasy bilen bu sanawyň ýedinji basgançagynda.

Ýeri gelende aýtsak, iň gymmat aziýaly futbolçylaryň ilkinji 10-lugynda Ýaponiýadan 5, Koreýa Respublikasyndan 3 futbolçy bar. Şeýle hem eýranly futbolçylaryň ikisi, bir sany özbegistanly futbolçy bu sanawa girdi.

«Transfermarkta» görä, häzirki wagtda iň gymmat türkmenistanly futbolçy Gonkongyň «Kitçisiniň» ýarym goragçysy Ruslan Mingazowdyr. Onuň transfer bahasy hökmünde 450 müň ýewro görkezilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň