Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň ikisi Mary welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşyk geçirdiler

23:0805.03.2022
0
3038

Şu gün Mary welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Balkan welaýatyndan raýatlaryň teklipçi toparyndan dalaşgärlige hödürlenen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň başlygy M.Janmyradow duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy G.Çendirowa söz berdi. Ol ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony zähmetsöýer hem-de hormata mynasyp, sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrmazdan ozal, PrezidentGurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyny, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny we mähriban halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyny esasy ugur edinýän syýasatynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigini nygtady.

B.Gurbanow Garaşsyzlyk ýyllary içinde gadymy türkmen topragynyň tanalmaz derejede özgerendigini belläp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň hukuk hem-de demokratik binýatlarynyň mundan beýläk-de berkidilmegini, Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegini, döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda Türkmenistany täze tapgyrda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýakynda kabul edilen Milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýän täze kanunlarydyr kanunçylyk-hukuk namalaryny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň öz işiniň möhüm ugry hökmünde kesgitlenjekdigini belledi.

Şeýle hem B.Gurbanow milli saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmegiň hasabyna ilatyň saglygynyň dikeldilmegine mundan beýläk-de uly ähmiýet beriljekdigini nygtady.

B.Gurbanow duşuşyk üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
***
Şeýle hem şu ýerde günüň ikinji ýarymynda Daşoguz welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygy Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy Ý.Ýakubow açyp, dalaşgäriň ynanylan wekili — Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap birleşmesiniň başlygy A.Amangeldiýewe söz berdi. Ol ýygnananlary M.Ödeşowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de ony jogapkärçilikli, tejribeli we oňyn başlangyçlary öňe sürýän, öňde goýlan wezipeleri çözmäge ukyply ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra dalaşgär M.Ödeşow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary barada aýdyp, milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumynda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, durmuş ulgamyny nazarlaýan maksatnamalaryň amala aşyrylmagynyň dowam etdirilmegine, şäherleriň we obalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna, bilim, ylym hem-de medeniýet ulgamlarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet beriljekdigini belledi.

Dalaşgär ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy barada aýdyp, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasaty dowam etdirjekdigini nygtady.

Soňra dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, obasenagat toplumyna ylmy-tehniki gazananlaryň ornaşdyrylmagy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň geljekki ugurlary, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny, hemmetaraplaýyn bilimli ýaşlary taýýarlamaga gönükdirilen bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, milli medeniýetiň ösdürilmegi ýaly ugurlara möhüm ähmiýet beriljekdigine ünsi çekdi.

M.Ödeşow iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, halkymyzyň abadançylygynyň, mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň