Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Ilat gaznasynyň wekiliýeti Türkmenistanda

09:3624.02.2015
0
2938

Aşgabat, 24.02.2015. “Türkmenportal”.

“Düýn, 23-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Ilat gaznasynyň direktorlarynyň biri jenap Karlo Gustaf Kullesiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty (“mfa.gov.tm”) habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar ösüş, gender deňligi, saglygy goraýyş meselelerinde öňde durýan maksatlar we wezipeler baradaky bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynda gazanylan ösüş barada durup geçdiler.

Duşuşykda Türkmenistan tarapyndan 2015-nji ýyl üçin ilat sany meselesinde öňde durýan wezipeler we BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlygynyň täze taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Aşgabatda şu ýylyň birinji ýarymynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan gender deňligi boýunça ýokary derejeli Halkara maslahatyny geçirmegiň guramaçylyk meselelerine garaldy.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň