Täzelikler

Архив новостей

24-nji fewral taryhda

08:2424.02.2015
0
811
24-nji fewral taryhda

Aşgabat, 24.02.2015. “Türkmenportal”.

2012-nji ýyl — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, Owganystana ýardam bermek boýunça wekilhanasynyň baştutany Ýan Kubişi kabyl etdi.

2011-nji ýyl — Türkmenistanda fewral aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, şeýle-de, onuň çäklerinden daşarda bellenilýän däbe öwrülen afroamerikan taryhy aýyna bagyşlanan çäreler tamamlandy.

1942-nji ýyl — “Amerikanyň sesi” radiostansiýasynyň ilkinji gezek efire çykan güni.

1938-nji ýyl — emeli sintetik süýümdäki ilkinji diş arassalaýjy çotgany ulanyşa goýberdiler.

1910-njy — Şwesiýada “Malmýo” futbol topary esaslandyryldy.

1466-njy ýyl — Brýüggede (Belgiýa) belli bolan lotereýa oýnunyň ilkinjisi oýnaldy. Onuň guramaçysy hökmünde flamand suratkeşiniň dul galan aýaly Ýana wan Eýk çykyş etdi.

Meksika, Baýdagyň güni.

Estoniýa, ýurduň Garaşsyzlyk güni.

Anwar ysly howa festiwaly her ýylda aý senenamasynyň ilkinji aýynyň 6-njy gününde başlanyp, üçünji aýyň ahyrynda tamamlanýar. Bu Wýetnamdaky iň dowamly baýramdyr.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň