Soňky habarlar

Arhiw

20-nji martda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

21:5304.03.2022
0
4761

Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem «Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda çykaran 2605-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň