«Turkmenportal» informasion portaly satuw dolandyryjysy wezipesine hünärmen gözleýär

14:0204.03.2022
0
5591

«Turkmenportal» informasion portaly satuw boýunça dolandyryjy wezipesine hünärmenleri işe kabul edýändigi barada habar berýär.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • ýokary bilimiň bolmagy;
  • türkmen we rus dillerinde (hökmany) erkin gepleşip bilmek;
  • ofis programmalaryndan ýeterlik derejede baş çykarmak we internet sahypalaryndan zerur bolan maglumaty tapmak;
  • satuwyň tapgyrlaryny bilmek, alyjynyň nägileliginiň öwezini dolmak;
  • müşderiler bilen yzygiderli habarlaşyp, teklipleri hödürlemegi başarmak;
  • işjeň bolmak, ýagny köp sanly müşderiler bilen aragatnaşyk saklamak.

Goşmaça mümkinçilikler:

  • iňlis dilini bilmek;
  • degişli wezipede ozal hem iş tejribesiniň bolmagy.

Wezipe borçlary:

  • täze müşderileri çekmek;
  • müşderiler bilen telefon arkaly habarlaşyp durmak;
  • gepleşikleri geçirmek we şertnamalary baglaşmak;
  • baglaşylan şertnamalar boýunça ylalaşyklaryň hem-de resminamalaryň kabul edilmegi;
  • digital-marketing tendensiýalaryny yzarlamak, hyzmatlary ilerletmek we ösdürmek.

Dalaşgärleri iş wezipesine kabul etmek üçin bir aý synag möhleti geçirilýär. Hünärmeniň aýlyk haky bolsa söhbetdeşligiň esasynda kesgitlenýär.

Iş wezipesine dalaşgär bolmak isleýän bolsaňyz, özüňiz baradaky maglumatlary hem-de degişli wezipäniň adyny görkezip, vacancy@turkmenportal.com elektron salgysyna hat ýollap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň