Arhiw

Aşgabatda «Altyn asyr» we «Merw» futbol toparlarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi

11:5004.03.2022
0
3246

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň wekilleri şu günler täze möwsüme taýýarlyk işlerini güýçlendirýärler. Şol taýýarlyklaryň çäginde Marynyň «Merw» futbol topary Aşgabatda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.

«SportMedianyň» habar bermegine görä, «Merw» düýn Büzmeýin sport toplumynda Türkmenistanyň häzirki çempiony «Altyn asyr» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşyk 1:0 hasabynda «Merwiň» ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini ýaş futbolçy Nurmuhammet Allaýew geçirdi. "Merw" şu gün Bagyr obasyndaky sport toplumynda "Aşgabat" bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Ýeri gelende aýtsak, 28-nji fewralda Türkmenistanda gyşky transfer möwsümi tamamlandy. Toparlar täze möwsümiň bosagasynda düzümlerini güýçlendirmek maksady bilen, oýunçy alyş-çalşygyny geçirdiler. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bular barada resmi saýtynda habar berip başlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň