Soňky habarlar

Arhiw

Goliwudda «Oskar» baýragy gowşuryldy

12:5223.02.2015
0
3096

Aşgabat, 23.02.2015. «Türkmenportal».

Şu gün Los-Anjelesiň «Dolbi» teatrynda «Oskar» kino baýragynyň 87-nji gowşurylyş dabarasy boldy.

Dürli ugurlarda alan baýraklarynyň sany boýunça Ues Andersonyň «Grand Budapeşt myhmanhanasy» we Alehandro Gonsales Inýarritunyň «Berdmen» filmleri öňdeligi eýelediler. Olaryň hersi 9 baýraga mynasyp boldy.

Režissýor A. G. Inýarritunyň «Bredmeni» iň gowy film baýragyny aldy. Bu film, şeýle-de, iň özboluşly ssenariý üçin niýetlenen heýkeljige, Inýarritu bolsa iň gowy režissýor hökmünde «Oskara» mynasyp boldy. Mundan başga-da, filmiň operatory Emmanuel Lýubeskä hem baýrak gowşuryldy.

Iň gowy aktýor diýlip «Ähli zadyň teoriýasy» filminde fizik Stiwen Hokingiň keşbini janlandyran Eddi Redmeýn yglan edildi.

Iň gowy aktrisa niýetlenen baýrak bolsa «Häli-häzirem Elis» filminde ýerine ýetiren keşbi üçin Julianna Mura nesip etdi.

Ilkinji plandaky iň gowy erkek roly üçin «Oskar» «Hyjuwlylyk» filminde surata düşen Jeý Keý Simmonsa, ikinji plandaky iň gowy zenan rolyna niýetlenen baýrak «Ýetginjeklik» filminde Patrisiýa Arkette gowşuryldy.

Iň gowy egin-eşikler üçin berilýän baýraga «Grand Budapeşt myhmanhanasy» filmi mynasyp boldy. Iň gowy geýime we saç bezegine niýetlenen baýraga hem hut şu film eýe çykdy.

Daşary ýurt dilindäki iň gowy film baýragy «Ida» atly Polşa — Daniýa lentasyna nesip etdi.

Gysga metražly «Jaň» oýun filmine, gysga metražly «Weterenlar üçin ynam telefony» dokumental filmi gysga metražly «Menýu» animasion filmi, doly metražly «Gahrymanlaryň şäheri» animasion filmi, Edward Snoudan baradaky «Raýat dört» doly metražly dokumental filmi «Oskara» mynasyp görüldi.

Şeýle hem, tehniki we beýleki käbir görnüşler boýunça berlen «Oskarlar» öz hakyky eýesini tapdy.

Fotogalereýamyz arkaly «Oskar — 2015-iň» eýeleri we görnüşler boýunça ýeňijileri bilen tanşyp bilersiňiz.        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň