2015-nji ýylda TNGIZT-de halkara ülňülerine laýyk gelýän A-95 we A-98 benzinini öndürýän desgalar ulanylmaga berler

00:3123.02.2015
0
7813

Aşgabat, 23.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nobatdaky iri maýa goýum taslamasy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. 2015-nji ýylda ýurdumyzyň nebithimiýasynyň öňdebaryjy kärhanasyny döwrebaplaşdyrmagyň we tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň giň gerimli maksatnamasynyň çäklerinde bu ýerde A-95 we A-98 ýokary oktanly awtomobil benzinlerini öndürýän desgalar ulanmaga berler diýip, “Nebit-gaz” gazeti habar berýär.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy diňe kärhananyň önümçilik kuwwatyny we Türkmenistanda öndürilýän ekologik taýdan arassa motor ýagynyň möçberini artdyrmaga däl-de, eýsem, ýokary hilli nebit önümlerini almak üçin niýetlenen çig nebiti düýpli işlemäge hem mümkinçilik berer. Diýmek, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýan wezipesini – ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmak baradaky wezipesini çözmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim ädiler diýip, gazet belleýär.

– Bu taslama dünýä belli «Hyundai Engineering» we «LG International» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylýar – diýip, TNGIZT-iň düýpli gurluşyk bölüminiň müdiri Babamyrat Tagaýew gürrüň berýär. Onuň çäklerinde TNGIZT-de dört desga gurlup, olaryň üçüsi - mazudy gaýtadan işleýän wakuum, ýeňil olefinleri alkilirleýji we ýeňil benzinleri izomerleşdiriji desgalar awtomobil ýangyjynyň ýokary oktanly böleklerini almak üçin hyzmat edýär. Soňra bu bölekler pes oktanly benzin fraksiýalary bilen garylmak üçin dördünji desga barar. Netijede biz gerekli haryt önümini – halkara hil standartlarynyň ekologik talaplaryna laýyk gelýän ýokary oktanly benzinleri alýarys.

Ýeri gelende aýtsak, TNGIZT-iň işiniň umumy shemasynda bar bolan ätiýaçlyklaryň hasabyna önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän nebiti gaýtadan işlemegiň döwrebap tehnologiýalary goýuldy. Mysal üçin, hereket edýän MSCC katalitik kreking enjamy alkilirleýji desga üçin çig-mal binýady bolup hyzmat eder. Ol awtomobil benzinleriniň ýokary oktanly düzümlerinden başga-da, suwuklandyrylan gazyň uly möçberini işläp çykarýar, ol bolsa öz gezeginde benzin öndürmek üçin ulanylyp bilner.

Täze tehnologik toplumyň gurluşygynda häzir hünär derejeli işçileriň we inžener-tehniki işgärleriň ýüzlerçesi zähmet çekýär, köp sanly ýokary öndürijilikli köpugurly gurluşyk tehnikalary ulanylýar. Mart aýynda bir ýylda mazudyň 2 million tonnasyny gaýtadan işlemäge niýetlenen mazudy gaýtadan işleýän wakuum desgasyny işe goýberiş synaglaryna başlamak göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, mazut nebiti ilkinji gaýtadan işlemegiň galyndysy bolup durýar. Ýaşaýyş-jemagat hojalygy, flot we senagat mazudyň esasy sarp edijileri bolup durýar. Ony ýangyç hökmünde kotelniý desgalarynda, dürli bug gazanlarynda we senagat peçlerinde ulanýarlar. Şonuň bilen birlikde mazudy gaýtadan işläp, ondan benzin öndürmek üçin wakuum gazoýlyny almak bolýar.

Şeýlelikde, TNGIZT-de gurulýan täze desgalar nebiti düýpli gaýtadan işlemekde galyndysyz tehnologiýalary, dünýä tejribesinde soňky gazanylanlary giňden ulanmagyň hasabyna bir-biriniň üstüni ýetirýär. Olaryň her biri döwrebap önümçilik bolup durýar. Mysal üçin, mazudy gaýtadan işleýän wakuum desgasynyň düzümine bloklaryň 13-si – gyzdyryjy, ýylylyk çalşyjy, sowadyjy, desgasynyň merkezleşdirilen kompýuterleşdirilen dolandyryş ulgamly operator zaly, iki gatly dolandyryş-durmuş jaýy, transformator bekedi we beýleki desgalar girýär.

Benzinleri garyjy desganyň düzüminde bolsa, esasy tehnologik enjamlardan başga her biriniň göwrümi 5 müň tonna bolan rezerwuarlaryň 6-sy we 10 müň tonnalyk 1 rezerwuar, şeýle hem taýýar önümleriň ugradylýan ýeri bar. Bu ýerde demir ýol çelekleriniň 2-sine we awtomobil çelekleriniň 2-sine bir wagtda benzin guýup bolýar.

Türkmenistan baý uglewodorod serişdelerine eýe bolmak bilen, olara milli ykdysadyýeti sazlaşykly ösdürmegiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň möhüm şerti hökmünde garaýar. Ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa önümleriniň möçberiniň we eksportynyň artdyrylmagy berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatyny geljekde hem üstünlikli amala aşyrmaga ýardam eder diýip, “Nebit-gaz” gazeti belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň