Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady

17:3503.03.2022
0
4330
Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady
Surat: Flickr / Alex Lovell-Troy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radewe hem-de ýurduň ähli halkyna Bolgariýa Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rumen Radewe tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagt, Bolgariýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň