Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky kanuna üýtgeşmeler giriziler

16:0602.03.2022
0
52538
Türkmenistanda harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky kanuna üýtgeşmeler giriziler

Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji martda Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalary hem-de Mejlisiň deputatlary bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda döwlet Baştutany Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji syýasatynyň çäklerinde harby özgertmeleri geçirmegi we bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmegi dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Hususan-da, şu işiň çäklerinde häzirki özgertmeleri nazara alyp, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky», «Goranmak hakyndaky», «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky» Kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň möhümdigi bellenildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

«Häzirki zaman şertlerinde hukuk tertibini we kanunylygy üpjün etmek soraglary demokratik jemgyýeti ygtybarly ösdürmegiň hökmany şerti bolup durýar» diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de Jenaýat kodeksiniň kadalaryny we düzgünlerini kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Kiber jenaýatçylyga, internet serişdelerini ulanmak bilen amala aşyrylýan jenaýatçylyga, maglumatlary goramak babatdaky jenaýatçylyga garşy göreşmek meselelerine aýratyn üns bermek möhümdini hem döwlet Baştutany belläp geçdi.

Belläp geçsek, Türkmenistanda soňky gezek «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Kanun 2018-nji ýylda kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň