Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanda futbol boýunça halkara ýaryş geçiriler

11:1402.03.2022
0
4434

25 ― 29-njy mart aralygynda Özbegistanda «Nowruz kubogy» atly halkara futbol ýaryşy geçiriler. Ýaryşdaky ähli duşuşyklary Namangan şäherindäki Merkezi stadionda geçirmek meýilleşdirilýär.

«Nowruz kubogyna» dört milli ýygyndy gatnaşar. Olar Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ugandanyň ýygyndylarydyr.

Ýaryşyň ýarym final duşuşyklary 25-nji martda bolar. Şol gün Täjigistan bilen Uganda, Özbegistan bilen Gyrgyzystan duşuşar.

FIFA-nyň reýtinginiň fewral aýyndaky ýagdaýyna görä, Ugandanyň ýygyndysy 84-nji, Özbegistan 85-nji, Gyrgyzystan 96-njy, Täjigistan bolsa 115-nji orny eýeleýär.

«Nowruz kubogy ― 2022» ýaryşy Özbegistanyň Futbol assosiasiýasy tarapyndan geçiriler. Bu ýaryşyň geçiriljekdigi barada CAFA-nyň geçen ýylyň dekabr aýynda Duşenbe şäherinde bolan maslahatynda hem aýdylypdy. Şeýlelikde, ýaryş şu ýyl ilkinji gezek geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň